Zerurlyk

Sen adamyň gowy bolanyn dile,
dileg et sen düzüw bolanyn onuň,
bolmazlygyn içi, daşy döwülen,
trawmadan doly çuwal, çemedan
bolmasyn ol, galmasyn ol ejirde,
ýara salma ýa gozgama ýarasyn,
bile-göre gyşyk gürläp ýeňseden,
goý, em etsin, bejersin ol özüni,
iň bolmanda çala ýylgyrsyn ýalan,
aşak basyp içindäki agysyn,
gowy bolar diýsin, diýsin adamlar
bir-birege hossar çykar, düşüner,
duşman bolup ýaşamagyň zyýany,
müňkür bolup ýaşamagyň zyýany,
ýa zyýany ýat, keseki bolmagyň
sylap goýmaz hiç birimiz, gaçan-da,
kowalan-da alla diýýär ahyry;
sen adamyň gowy bolanyn dile,
dile onuň düzüw boljak bolanyn,
düzetjek bolanyn özün, ýalňyşyn
görüp ýa-da görkezilen mahaly,
bu bir seniň özüň üçin gerek däl,
çagalaryň üçin gerek, zerurlyk,
agalaryň üçin gerek, zerurlyk,
inileriň üçin gerek, zerurlyk,
uýalaryň üçin, aýal doganlar,
goňşy-golam üçin gerek, zerurlyk,
bütin dünýä üçin zerurlyk, bilseň,
ýöne ilki özüň gowy boljak bol,
gowudy diýsinler yzyňdan ölseň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024