Ajaýyp adam
Özüne bolýança düşünmez adam,
özüne gelýänçä görmez karamy,
özi bilen bilelikde edilýän,
belli bir dereje, passiw ýa aktiw,
ynanar ol kime erbet diýseler,
ýaramaz diýseler, gulagyn tutup,
dilinde halallar diýse haramy,
mynafygyň sözlerine yrylar,
özüne degýänçä görmez taýagy,
pikiri etmez bigünäler urular,
öldüriler aç ýa suwsuz, daňylyp,
atylar zyndanda, çöl-düzde ýa-da,
käşgä bilse gelenden soň özüne,
bolan bolman gowy, ajaýyp adam.