Uzakdaky watançy
Ençeme ýyl tanaýaryn daşyndan,
ýakyndan däl, görüşmedim hiç haçan,
şükür, aralykda deňiz, umman bar,
ne wagtym bar, ne islegim barmaga,
görmäge ýa gürleşmäge, jaň etse,
içip, halys dünýä sygman kämahal,
artyk eden bir işini bilemok,
ýöne akyl satýar, internet açyk,
bagty gelip, gutulypdyr zulumdan,
ýogsa ozal ezijiniň nökeri,
öz sözünden, işlän işi möhümmiş,
arada ýene-de hat ýazdy maňa,
ýöne-möne hat däl, manysy uly,
diýýär ýurdun goramaly her kişi,
gaýgy etmän ne geljegin başyna,
emma muny özi etjek, goýjak däl,
akyl satjak diwar aýlap daşyna.