Ters görelde
Eger seni gural edip,
ulansalar gerek ýerde,
zyňar ýaly ertir çöpe,
düşünmeseň başga gürrüň,
ýa düşünip, gitseň gepe,
peýdasy ýok jan çekeniň
kapyr ile, gadyr bilmez,
doganyňa diýip hatda,
öz-özüňi köşeşdirseň,
din-imanyň bolsa köplük,
taýak görse, gypjyn-gypjyn,
gulagyna urlan birçak,
bolan bolup ilki kiçi,
soň bolarsyň uly gurjak,
başga çäre tapman, diňe
öz-özüňi etmersiň har,
nusga borsuň yzdan gelýän
nesillere, özüne ar.