Gözdäki ok
Ýumruk ýaly çaga bolsun üm bilmez,
ak sakgally goja bolsun haýallan,
höwesi bar, islegi bar adamyň,
agzy ýetse, egnin iýjek kän mydam,
sen adamy okatmaly, beýle däl,
eýle däli guýup beýnä, ýürege,
ýöne okuw işlemeýär hemişe,
goramak kyn adamzady özünden,
kanun bilen, kada bilen ýazylan,
ýazylmadyk, öz-özüni ýok etjek,
ýogsa bary geçip barýan geçegçi,
äkitjek däl, okun gutaryp gitjek.