Meni biraz köşeşdiriň
Meniň gara gaýga galan başymyň
ýykyp barýan agramyny ýeňlediň,
düşsün biraz dowla dolan ýüregim,
biz adam däl, bir-biregi aldamak,
talamak däbine uýýarys, hudaý,
alla gürrüňleri kileň erteki,
rehim, şepagat – alynma sözler,
biziňki däl, diňe goşguda gowy,
geregi ýok kanunlaryň, kadanyň,
kazy-kelan, bary talaňçy, ogry,
alyp gaçan gelejegin milletiň,
diýiň, aýdyň, köşeşdiriň siz meni,
bize gerek şeýle durmuş, şu düzgün,
bu milletiň öz islegi, niýeti
diýiň maňa, azat-erkin ýaşamak
biz üçin däl, başga milletler üçin,
şondan olar sorap bilýär hakyny,
derin döküp sekiz sagada çenli,
galan wagty dynç almaga çalyşýar,
biz beýle däl, başymyza çykaryp,
ýolda duran alatýak kümsügi,
gelip ýetdik ahyr islegli güne,
meni biraz köşeşdiriň, susaýyn,
size bolsa, ýagty diýenin tüme.