Surat

Garaşsalar

Eger yzda garaşsalar,
eglendi-le diýip, garap
ýollaryňa gije-gündiz,
on ýyl soňam ýatlap gowy
işleriňi, günäňi däl,
gelip bolar o dünýeden,
geýip täze aýakgabyň,
ýüpek şalyň boýna sarap,
diýipdir bir şahyr joşup,
oba näme alysdaky,
şäher näme ol yklymda,
başa pena bolan, duzun,
çöregini gysganmadyk,
ýa ýat iller, ýat diýmedik,
ülke näme dagdan, düzden,
deňizlerden aňyrdaky,
gelip bolar diýipdir ol,
ýa edipdir arzuw gaty,
garaşyň siz gidenlere,
ýykjak bolman töhmet atyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024