Ýigrenç gapany

Saňa garyp düşünýändir,
diňlemeli sözün bilýän,
okap bilýän, aňy ýetýän
ýagşy näme, ýaman näme,
goý, tiresi ýa milleti
başga bolsun, ünji etme,
düşünmez baý, at üstünde
galgaýanlar, adalatsyz
jemgyýete direg bolup,
tiredeş däl, dogan bolsun,
bolsun çykan, doganoglan,
begen birden salamlaşman,
gitse ýoldan bolup sowlan.

Saňa garyp düşünýändir,
düşünýändir ezilýänler,
ezijiler düşünmezler,
düşünmezler aralykda
gün görýänler çalak-çulak,
ýa gürleseň, halamazlar,
duşman saýyp dogry sözüň,
päk niýetiň üçin urup,
öldürjekdir olar bolsa,
ýigrenç bilen gapan gurup.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024