Ejizlik
Güýçli däldir, goý, kim bolsun, bolmasyn,
pikiriň, garaýşyň, düşünjäň üçin,
gara gazap bilen ýigrense, dursa,
açyk däl, arkaňdan, içiňden, daşdan,
ele ilen daşyn toplasa, ursa,
garyp iliň, naçar iliň içinde,
eneň, ataň gara günde öldürse,
dost-doganyň duşman etse, ýakyn däl,
golaýyňa gelmez ýaly hiç haçan,
güýçli däldir öji bilen ýaşaýan,
özi özün egsik eden aç-açan.