Arak zamanasy

Kime gerek many, mazmun,
mantyk kime gerek artyk,
manty, börek zamanasy,
palaw, arak zamanasy,
gykylykla ýygnaklarda,
ýa bolmasa, blogger bol,
aram-aram çygyr, bagyr,
gygyr sesiň ýetdiginden,
eşitjek ýok, bilseň-de bek,
zamanasy bolan bolmaň,
arslan awyn alan bolmaň,
bürgüt awun çalan bolmaň,
adam däl-de, adam sypat,
gowy däl-de, gowy göýä,
dilde bir zat diýen bolup,
ýüregiňi başga söýäp,
oýna oýnun oýunçynyň,
almasa-da asla jynyň,
gahar etseň, utulan sen,
hiç iş etme, işländen bol,
ýogsa borsuň tutulan sen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024