Kanunlar ýurdunda

Eger kanun, kada bolsa,
bar diýilýän ýerlerinde,
o ýerde däl, bizi basan,
bisanlaryň türmesine,
bolşewikden gelýän, uzak
gulçulygyň goýnunda däl,
bar diýilýän ýerde oýnuň
düzgünleri, oýnamaly,
o birleri agza gelen
töhmetini atyp bilse,
özi ýaly çüýrük bilen
gül düşekde ýatyp bilse,
dowam etse turup ertir,
a sen işiň bilen bolsaň,
gulak asman, wagtyň bolman,
bolmadygy kanunlaryň,
guýa baryp, düýbi guran,
suw çeken dek meşik dolman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024