Hiç kim bolan il

Sen ýatyrkaň halsyz, hassa,
ýa daňylgy iki eliň,
çagalaryň gözi ýaşly,
tutulan guş höwürtgede,
kepjebaşyň owsunynda,
azaryna bolmaz kimsäň,
ýa çekinip, çekilerler,
ýürek beren käriň bolsa,
ezijide aryň bolsa,
soň seniňki, belki, gezek,
ezijiniň eli giňäp,
bogsa ulus-ili beter,
saňa hiç kim bolar olar,
etsin ýa etmesin heder.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024