Ýasama synagy
Ýasama adamyň ýüzüne gelip,
aýdyp bolmaz mydam dile gelenin,
saklanmaly borsuň dişiňi gysyp,
düşünmez ol, degmez beýle sylaga,
ýa ýasama bolup bolmaz mydama,
sypaýy ýylgyryp, sypaýy dymyp,
ýasamanyň ýasamasy bolmasaň,
ýa-da hiç zat bolmadyk dek, ýasama
ýaşyl çyra ýakyp berip öňünde,
gitsin diýseň gitmez, öwrüler yza,
aty bolsa atyn üstüňden sürer,
ýa eşegin hyzzynladyp gabarar,
gülen bolar ýuwan, ýalan gözýaşyn
ýaňagyndan sylyp, gutuljak bolsaň,
ýasama bol ýasamanyň ýanynda,
oýnun oýna onuň, utuljak bolsaň.