Garyndaşly ýalňyz
Besdir, oglan, düşün indi,
tire döwri geçdi birçak,
taýpa döwri geçdi birçak,
geçdi indi millet döwri,
eger özüň aşak düşseň,
doganyň ýok ýanyňda seň,
razy bol sögmeseler,
urmasalar taýak alyp,
seret, nirä bardy halk;
ýok tiredeş, taýpadaşyň,
ildeşleriň, dindeşleriň,
dindeş däller, duz iýişen,
arak içen seniň bilen,
ýa paýlaşan çilimini,
dört ýüz nire, dört adamy,
ýa-da onuň ýarysyny,
arzuw et sen, emma asla
ynanmagyn geler diýip,
urýan wagty hökümet, han,
gyrýan wagty ýagmaçylar,
daşdan halym biler diýip,
aç oturdyp zyndanynda,
berer döwlet saňa sapak,
hiç kim ýokdur, hossarlaryň
dek düýn bolan döşi gapak,
gowy günüň nep gözlänler,
erbet günüň gep gözlärler,
ýok edilen ýüz elli ýyl,
özün bilmez, bilmez seni,
ezijiniň geldi güni,
düşün, oglan, aňla indi,
öz agyňy agla indi!