Bir TW-niň öňündäki bellik

Aýagyň porsasa dolagyňy, beýniň porsasa aýagyňy ýuwmak peýdasyz. Gadymy nakyl

Näçe samsyk gürrüň etseň,
şonça köp bor janköýeriň,
diňleýjiler, akly çaşan,
ýa bolmadyk ozalynda,
ýa ýülmenen, aşyk ýaly,
adam däl-de, süri diňe,
basyp almak üçin haly,
şaý-seplerin çapyp elin,
barmaklaryn gyz-gelinleň,
talar ýaly ýat illerde,
gaýgy etme, çydar efir,
garry-gurty, nobatdaky,
ýüzi güler ýetse kefir.

Sowetistan – bar derejäň,
bilermen bol, uruşlaryn,
gykylygyn bütin dünýäň,
ilik-düwme, öz aklyňa,
öz çygryňa sal, çykarma,
ur gylyjy çem gelene,
hiç seretme iki-ýeke,
arasynda ýylgyrana,
köplük bolar ýeňil-ýelpaý,
gül üstünden, gapdalyndan,
diý ýene-de borus beýik,
ýykyp, ýakyp şäherleri,
çagalary ýesir edip,
çyndyr öýder näme diýseň,
baldyr öýder näme iýseň,
agzy suwar, aňyn arak,
şerap alan, basyp aljak,
näçe bolsa, il ýerini,
öň alanyň, gyran-jyran
eden ýurduň azdyr entek,
ýat toprakda galsyn näçe,
peýdaň şonça bolsa tentek...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024