Tentek üçin
Akmaklygy üçin onuň,
ýaltalygy üçin munuň,
okajak däl, oýlanjak däl,
ulanjak däl kellesini,
gürlän boljak üstesine,
samsyk saýyp seni, meni,
ýa keýp etjek, iki günlük
myhmanhana gelenmişin,
ýa başgalar etsin, garaş,
sen goşulma entek üçin,
başyň salyp etegiňe,
her öňýeten tentek üçin,
ýok, özi däl, çagasy däl,
sen-de töleg etseň bile,
ne sylagyň, ne ynamyň,
ne yhlasyň galar ile.