Irejepbe fenomeni

Biz ýaş bolduk, ilimize ýaşaýyş,
at-abraý gerek diýip öňürti,
Irejepbe gerek eken, ýagmaçy,
öňe çykjak ýyldyrymdan öňürdip.

Aýdylan öň, çyn geýýänçä köwşüni,
ýalan iki gezek aýlanar dünýä,
ol din diýip, iman diýip gygyrdy,
ýüzüň bolsa, seretmek kyn utanman.

Ýok, ilimiz sada däldi, gürletseň,
bilýär dünýäň gelejegin, ozalyn,
emma arlap, orta çykan nadara,
jara zyňdy Möwlananyň gazalyn...

Görmek islemese, körden ozdurar,
keýpi-sapa saýyp gelen ýerini,
adamlar seretdi, tomaşa etdi,
goldap zamananyň beýik şerini.

Batyr olar, eger sürse başbakan,
gider ylgap jähennene, ýokardan
berlen buýruk ykbalydyr, akylly,
bir zat diýseň, gülen bolar hikirdäp.

Diňe pida diýseň, birhili, kelte,
ýa-da azýar diýseň çörek tapany,
ezijisi ýetik daşdan, içinden,
öz-özüne aňsat gurýar gapany.

Mätäç olar, aldap biri-birini,
talap, çapyp bilse, begenýär, gülýär;
alla berýär diýýär eli gelende,
a soň gapa garap, açlykdan ölýär.

Düşünmek kyn, näme üçin adamlar
basyldykça galman, aşak oturýar;
garyplykmy gorkaklygyň sebäbi,
ýa gorkaklyk garyplyga getirýär?

Ýokardaky, bilýän sözi üç sany,
iki sözi ýeter, agzyny açsa,
süýşüp geler hantamalar sürüsi,
geljegi az yza ýurdundan gaçsa.

Il bolmasaň, bolsaň irejepbeçi,
özüňi kesek dek basyp gitmeli,
erksiz bolsaň, hiç jellatsyz, agaçsyz,
hatda ýüpsüz özüň asyp ýitmeli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024