Ogurlanan ertir
Mümkin bolsa, depä çyksaň, düşmeseň,
diňe il däl, aglak bolup ýaradan,
döwlet näme, kanun näme seň üçin,
depele, basgyla, aýak astynda
ýurt däl diňe, belki, galdyň özüň-de,
çagalaryň galdy, gapysyn ýapyp,
öz giren jaýyňa gabap olary,
çykmaz ýaly etdiň gurup daşyndan,
goý, ynanma, diňe görip halky däl,
basyp aşak öz-özüňde başyndan,
adam bolup galmak ýolun ýok etdiň,
gorkýaň indi, gitmejek ýok, bu belli,
saňa ýaran ýarar senden soňka-da,
il başy däl, gelejegi egildi.