Arhiwleriň açyp bolmaz
Arhiwleriň açyp bolmaz, elbetde,
alyň, görüň, okaň diýip biruçdan,
geçenden soň belli döwür, jemagat,
seret diýip taryhyna döwletiň,
tana diýip ata-babaň kimdigin,
nämedigin hakykatda bolanyň,
çekinersiň, açyp bolmaz arhiwi,
ýüzi gyzjak bolsa basyp alanyň,
taryh däl-de, agyr jenaýat bolsa,
sanap aňyrsyna çykyp bolmajak,
satan bolsa, atan bolsa bir-birin,
açyp bolmaz adamlaryň atlaryn,
sebäbi yzynda ilen-çalany,
utulan ýa utan duşman bolmasyn,
bilmesin kim boldy ene-atasy,
kim kime kast etdi, kim kimi atdy,
arhiwleriň açyp bolmaz, elbetde,
aýbyň bolsa gorkulmaly, döwlet däl,
garakçy, galtaman bolsaň edenli,
dowam etjek bolsaň galtaman ýolun,
bilinse-de ýapan bolup edenňi.