Biz razy däldiris
Eger taňry bar bolsa,
ýa bar bolsa ýaradan,
ýa bar bolsa haklaşyk,
ahyretde bir ýerde,
biz razy däldiris,
razy däl ejemiz,
tutup giden ýüregin,
razy däl kakamyz,
halal işlän, okadan
mekdebinden kowulan,
razy däl atamyz,
tokaý çapan, duşmanmyş,
razy däl agamyz,
urşa gidip, ýogalan,
ganym üçin söweşip,
razy däl enemiz,
sekiz çaga ýitiren,
eli ganly hökümet,
malymyzy bitiren,
mülkümizi bitiren,
jogap bersin ahyry,
ýa-da çeksin jezasyn,
şu bolmasa hiç haçan,
biz razy däldiris,
hiç razy däldiris.
Töhmet atan içerde,
şyltak atan daşarda,
adymyzy gysganyp,
zadymyzy gysganyp,
gazanylan halal, päk,
biz razy däldiris,
hiç razy däldiris;
däldiris biz däli-de,
ýa-da tentek, şermende,
ogurlykda tutulan,
agyz deňäp her kime,
ýok, bolmadyk utulan,
ýa-da utan gargynyp,
biz razy däldiris!
Çörek ýerne, çaý ýerne
iýip, içip minneti,
kast edenden, pes edip
ulus ili, milleti
biz razy däldiris,
gaçyp gidip ganymdan,
ýat illerde gözümiz
yzda galyp, delminip,
şaýat taňry bar bolsa,
hiç gyzmadyk wezipä,
baýlygyna dünýäniň,
haramy kän halaldan,
gomalmadyk maşynly,
ýa at münüp, ogurlyk,
din edinip talaňy,
iman bilip ýalany,
ýaşamadyk ýeke gün,
biz razy däldiris,
talaňçydan hiç haçan,
ýalançydan hiç haçan.