Biziň raýdaşlygymyz
Il taşlanan güjükleri köçeden,
ýa eýesiz pişikleri ýygnaýar,
guş jüýjesin, höwürtgeden ýykylan,
ýa ganaty bekemedik serçäni,
uçup bilmän gaçsa guma, kesege,
ýuwup-ardýar, naharlaýar, başlaryn,
çagasy dek, mähir bilen sypalap,
öz içinden gelip, edilmän talap,
emma biziň adamlara, eý, alla,
dogana, gardaşa, goňşy-golama,
ýüz ildeşe, müň ildeşe, kyn günde
elimiz uzadyp barmakdan geçen,
elimiz ýetmeýär pikir etmäge,
sebäbi biz meşgul, başagaý, işli,
üstesine günä gözläp pidadan,
aklaýarys özümizi, hem güýçli,
edenli adamlar bolan bolýarys,
diýýäs olar gowşak, emel salýarlar,
şeýdip, meger, uzak ýolda galýarys.