Ýatan millet
Adam howpsuz ýaşamaly,
daşardaky ýagydan däl,
iň ozaly öz öýünde,
dulundaky TW-sinden,
gije-gündiz ýalan sözlän,
polisiýa diýilýänden,
goran bolup hukuklary,
urup-ýenjip, boýnuňa al,
ýa diýýänden türmede öl,
etmedigiň etdim diýip,
gitmedigiň gitdim diýip,
ýaşamaly bolsaň, durmuş
seniňki däl, döwletiňki,
dowzah eden bütin ýurdy,
ýatan millet, belki, onuň
gündizine uwlan gurdy.