Geçmiş we sen
Geçmiş seniň şu günüňi,
gelejegiň ýesir alar,
elli bolsaň, daňyp eliň,
dilli bolsaň, çekip diliň,
aýaklaryň güýlüp atyp,
eger turjak bolsaň batyp,
bilip, görüp gara batga,
iýjek ýene näçe ýatyp,
diňe meni diňle diýer,
bilme başga dili, ili,
gözün baglar, görmez ýaly,
seniň öýüň ýykan oňmaz
diňe satyp satyp haly...
Geçmiş seniň geçmişiň däl,
şu günüňdir, geljegiňdir,
basyp alan, eli ganly,
päli ganly gitmez aňsat,
sen çykmaly, çukur gazan
düşürýärkä günde aşak,
ýa ýakýarka janyň göýdük,
dönük bilen odun daşap,
geçmiş seniň güýmenjäň däl,
sapagyňdyr, eger alsaň,
özüňden gör gara ganym,
agaň bolsa, aglap galsaň.