Gyş ýatlamasy
Hangeldi Ýegen oglunyň ruhuna bagyşlaýaryn
Ýaşajyk bir maşgaladyk,
dyrjaşýardyk kwartirant,
başlygymyz, elden gelse,
dünýeden-de göçürjekdi,
ahyrynda nesip etdi
beton jaýy hökümetiň,
ýöne içi ýylamazdy,
suwy bolsa şükür edip,
tomsuň güni has-da beter,
ýanyp, bişip ýaşaýardyk,
gyş gelende üşäp, gagşap,
bir otagda gysylyşyp,
Han aganyň, jaýy jennet,
motorlyja gözläp tapyp,
alyp beren tok pejine
arlyk serip, arka diräp,
ýaşajyk bir maşgaladyk,
ne günleri gördük döräp.