Pesiň päli
Pesiň päli aşak çekmek,
özüne çen, belki, beter,
jogap berseň özi ýaly,
hezil eder etmän heder.
Ýöne akly bolsa adam,
sessiz itden çekiner kän,
jabjynýana gülüp, göýä,
gapysy ýok, ýykyk dükan.
Ýok, pesiňki tersine bor,
sanaşasy geler, gelseň,
öz oýnuna ýakyn bilip,
gaç diýdigi eger bilseň.
Dostlary-da pes bor pesiň,
onda-munda busup atýan,
tapar olar bir-birlerin,
tamdyr gyzsa, gybat ýapýan.
Güler olar sen pyýda
atly bilen ýaryş gursaň,
sanar döwlen galamlaryň,
top-tüpeňlä garşy dursaň.
Akyllydyr öz ýanyndan,
bugdaý ekseň, çäjin aljak,
pikir eder: samsyk, öler,
çagasyna harpyk galjak.