Jan we jaý
Jan berene jaý ber diýen
kwartira soran däldir,
soran däldir aýlykly ýer,
medal, wiza, bilet, hajy
bolmak üçin adam satyp,
kim göreşip ölýär munda,
a kim busup, öýde ýatyp...
Jan berene jaý ber diýen
pul soran däl, saman bolan,
jaý soran däl, basyp alan,
kanunlaşan han buýsanjy,
jan berene jaý bermeklik
eliň bermek adamlara,
öleni ýok, dirisi ýok,
sebäbi sen bilmeýärsiň
kimler ölen, kimler diri,
diri bolup porsanlardan,
ölenlerden, jaý bermeli,
sen özüňi goramaly,
goramaly tebigaty,
öldürenler süýrär iti.
Belki şundan, nirde bolsun
jan berene jaý bermeli,
çaý bermeli teşne gelse,
suw bermeli juda bolman,
ýeňi daşly gelmedige,
aglan wagtyň gülmedige,
gara suwuň gysganmasaň,
gysganmasaň ýeri, gögi,
adam, haçan adam bolar,
haçana çen galar jögi?