Milletiň haky

Halk özüni halas etmek islese,
islemese öz-özüni ýok etmek,
ýa ýok etmek gelejegin ymykly,
şu gün biraz durmak üçin aýakda,
gara guma gömülesi gelmese,
okajak bor, düşünjek bor, biljek bor,
ýigrenç bilen bakman aýtjak, diýjege,
görkezjege öňde duran çukury,
kesek zyňjak bolmaz oka diýýäne,
bu näme üçin beýle boldy, aýtjagy
gömjek bolmaz gazylmadyk gabyrda,
ýa saklamaz besdir diýip, gaýtjagy.

Halk islese ýaşamagy owadan,
adam ýaly, gul bolup däl birine,
diňe daşyn, maşynyny bezemez,
näme boldy, biljek bolar özüne,
ýer gatasa görmän goňşy-golamdan,
çörek ýog-a diýmez, çörekli boljak,
näme üçin gögermeýär ekilen,
näme üçin düýp tutmaýar dikilen,
sebäp näme, näme üçin netije
alyp geldi bu garaňky petige,
halas boljak millet sorar bilmese,
eline pul düşse, meýlise bermän,
nirede manysyz, biderek aýdym
diňlän bolup, ýele bermez ömrüni,
il özüni halas etmek islese,
tapar nirde ýol ýitirdi, azaşdy,
gerek bolsa uzak, yzyna gaýdyp,
islemese diňlär ýene warsaky,
sebäbi bar, hawa, milletiň haky!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024