Kyn wezipe

Bu milletiň işi kyn.
Ilki iliň çagasyny,
ýiti bolsa tanap, bilip,
çynyň bilen okatmajak bolmaly,
goý, bilmesin, gömük bolsun,
ösmesin,
öz wagtynda, derrew öňün almaly.

Eger okap, edýip-beýdip saýlansa,
öňündäki böwetlerden aýlansa,
syzyp geçse, gandan inçe, suw ýaly,
depesinden basmaly oň birleşip,
işin bilse, işletmejek bolmaly,
tapmaly, goýmaly üstünde, öňde
iş bilmeýän, okamadyk sürini,
ogul-gyzyn onuň-munuň, şermende.

Bu milletiň işi kyn.
Zehinli, işini etjek bolýany,
iň esasy – gowy bolsa ýüregi,
agyrdyp, ynjydyp, basyp, basmarlap,
ýok etmeli agzybirje, el çarpyp,
agzybirlik baýdagyny galdyryp,
gana boýap gowy sözüň her harpyn,
gygyrmaly: Agzybire taňry biýr,
agzalany, görýäňiz-ä, gaňrybiýr!

Bu milletiň işi kyn,
ýok etmeli düşünjäni aslynda,
agzybirlik, kanun, adalat, dessur,
ady galsa, bolsun manysy başga
bolar ýaly, gaçar ýaly jemende
agzybirlik ýa adalat diýilse...

Bu milletiň işi kyn,
iş etmäge adam goýman öňürti,
hatda ýekejesin sypdyrman diri,
ýa içinde iş etjegi öldürip,
galar ýaly diňe daşyndan iri,
ownanlary, çüpränleri sylaglap,
orden-medal dakyp döşüne kileň,
soňra iş etjegi, ýüki çekjegi
gözlemeli gündiz çyraly, belki,
süýrär ýaly kürsi eýelän halky.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024