Syýasy hata
Görülmedik alasamsyk diýýärdik,
huşdan gidip, ölen bolup ol adam,
ýa birine öldi, gitdi diýdirip,
açdy adam barynyň ýüz bilen ýeňsesin,
basyrylgy ýorgana, o şäherde, bu ýerde,
gümürtikdi gelejek, umyt bardy azajyk,
indi gördük, tanadyk, güni kynalýar ajyň
bu golaýda ýüzleri açylmajak, gülmejek,
ölen bolan ýeseriň entek soňy gelmejek.