Ýurtýykanlaryň kitaby

Leninnama bilen urdular ili,
ýüzükessir, bir gezek däl, iki däl,
ilki bir gün, soň iki aý, çydady,
a soň bir ýyl, iki ýyllap urdular,
başda ýüzi boz-ýaz boldy milletiň,
birleriniň ýüzi gyzardy gaty,
beýlekiler agardylar, alaç ýok,
ýöne kem-kem adat boldy bu ýagdaý,
leninnama boldy ýerdäki hudaý,
sygynan dek ata-baba, aňyrdan,
baş egmeli, tagzym edip basylan,
özi galyp, mertebesi asylan,
dikilmedik dar agaçdan bazarda,
geçjek bolsaň synaglardan, bilmeli,
okamaly düşjek bolsaň jennete,
ýöne ozal, jennetden öň, ýer bardy,
aljak bolsaň aýlygyňy, ujypsyz,
işlemek däl, ýa bilmek däl işiňi,
güzap boldy iş ýeriňi saklamak,
hemme müýnli, hemem günäläp ili,
düzgün boldy öz-özüňi aklamak,
belki, maňlaýyma ýazylan diýip,
karar etdi kararsyzlar, dişini
döwülýänçä gysyp, galsa-da dişsiz,
sebäbi oňmak kyn gazançsyz, işsiz.

Ýöne birden, tarpa-taýyn diýdiler,
hudaýyň hudaýy diýilýän öldi,
leninnama düşdi depeden aşak,
aýak biten ýaly, meýletin, özi,
ýa düşünýän ýaly, geçen möwriti
saklamaga eli ýetmez KGB-äň,
başga işi ýetik bolar, indiki
awtor bilen işleşmeli, durmaly,
gaňyrmaly ellerini birleri,
däli ýaly, baýdak alyp çykmasyn,
çyplagy däl, possunlyny urmaly,
buýar ýaly çydap, galanlar diri.

Täze gelen täze hudaý, elbetde,
wagty geldi, kitaby-da doguldy,
ýöne ruh şol öňküsi bolsa-da,
üýtgetdi ol jildi bilen adyny,
düşünýärdi, öňki giren ýerinden,
ýüreklerden, içinde zat galamdyk,
beýnilerden, hiç bir bilim almadyk,
çykarmak kyn düýbi deşik boşlugy,
Pyragyny kowup çykaran ozal,
Keminäni depen içmegi bilen,
ýaşasyn bolşewik, Puşkin, Ýesenin,
ýaşamagy biler – içmegi bilen,
indi döwür başga, dinsiz imanly,
aç oturan millet – saçagy nanly,
gygyrmaly ýüzi ýoga – owadan,
ikilikçä çykdy diýip sowadyn,
sözi ýoga soňsuz dana diýmeli,
ýok tagamy hezil edip iýmeli;
millet ýüze syldy täze kitaby,
ýaşulular diýdi: dynarys ölüp,
ýaşlar pikir etdi ýeňeris gülüp,
metjitlere alyp baryp ahunlar,
bu çyn kitap, hakykysy diýdiler,
ozal birdi, indi onlarça kitap,
kitap köpeldikçe, azaldy gutap,
sebäbi ýazanyň ýüregi ýokdy,
bu bir synag, bary-ýogy ýüz ýylda,
özi ýoklar üýşüp hudaýy ýykdy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024