Maşynly millet
Pitkowise, irden işe barýaryn,
howa sowuk, dokuzmy-on ýaşynda
oglanjyk dur, bäri ýany duralgaň,
geçjek bolup pyýadalar ýolundan,
emma belgi hiç tarapdan gelýäni
saklamaýar, hemme gyssanmaç, batly,
gijä galsa, belki, ýitirjek işin,
arkasynda rýukzagy çaganyň,
awtobusa ýetişmekçi, delminip,
seredýär, durmazmy maşynly millet,
oňa görä has akylly, edenli,
geçirmezmi ýoldan, säginip biri,
ýok durmaýar, gowşamaýar bu akym,
gaza basýar hatda aňyrdan gelýän,
haýal görüp, birden geçmesin çaga,
diýýän ýaly boluşlaryn synlasaň,
edip biljek zadyň, gezegiň gelse,
bir tarapda böwşeňlese maşynlar,
köçä girseň, ýol bermeli oglana,
beýleki tarapa göz edip, durup,
soňra ýeňen ýaly jahan urşunda,
gitmeli hyýalda döşüňe urup,
ahyr alla gezegimi getirdi,
girdim köçä, gaza basyp çalasyn,
durdum baryp, başym atyp, geç diýip,
çaga geçdi ellerini galdyryp,
ýesir düşen esger ýaly, mysapyr,
hem ylgady, awtobusa ýetişdi,
maňa hiç kim hiç zat diýmedi işde.