Eger
Eger dostlar bolsa hakyky, ýegre,
sen derdiňi ýeke, ýalňyz çekmersiň,
gynanmarsyň wagtyň, sagadyň üçin,
aýlar üçin, ýyllar üçin bugaran,
suwun çeken derýaň ýaly, ýaşlykda
kenarynda durup guwanan, söýen,
eger iliň bolsa söze düşünýän,
düşünesi gelýän, geljegi üçin,
çemeçil däl boýdan-başa, sakgalyn
sübse eden ogry-jümriň ýolunda,
sen galmarsyň ýelde ýekirlip, öçüp.