Şahyr haçan gutarýar?

Bilýäňizmi, şahyr haçan gutarýar?
Öz-özün gaýtalap başlanda ilki.
Ol öz öňki goşgularna dolanýar,
Bilmän öňki şiriň bolanny tilki.

Goşgy diýlen şeýle, ilki ýazaňda,
“Öz döwrüniň ogly”, görüner gowy.
El çarpan, ýat tutan tapylar hatda,
Göripleriň gaçar murtunyň towy.

Ýöne wagt geçse üstünden biraz,
Öňki goşgy beýle görünmez kämil.
Ony ýazan indi başga adamdyr,
Hemem biraz başga bakar öňki il...

Uly şahyr aňsadyna seretmez,
Her sözüni çeker, ýeňilmi, agyr?
Şahyr kiçi bolsa, özüni aldar,
Hemem ýalan bilen gazynar gabyr.

Bilýäňizmi, şahyr haçan gutarýar?
Birleri goldajak bolanda irmän.
Şahyr şahyr bolmaz süýrelip, öwlüp,
Galar ol ownasa ýürege girmän...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024