Ene bolsaň, ata bolsaň

Ene bolsaň, ata bolsaň,
Çagaň göwher ýyllaryny,
Altyn ýyllaryn ýele,
Tozana sowurma nadanlyk bilen,
Kümüş ýyllaryny talama çagaň,
Eline kitap ber, pil-kätmen ýerne,
Bekemedik bile agramyň atma,
Bekemedik beýnä berme ejiri,
Kitap ber, depder ber, açjak bol gözün,
Göreş çagaň üçin, garyma girip,
zürýadyň darkaşa iberme ýerňe,
gowaça ýa bazar meýdanlarynda,
çagaň göwher ýyllaryny,
altyn ýyllaryn ýele,
tozana sowurma, walla, mis ýyllar
gelenden soň ah çekeniň giç bolar,
sen sebäpli çagaň ömri puç bolar.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024