Galamyň ykbaly

Her goşgym azajyk öldürýär meni,
ilkiler dirilik diýipdim ýazmak.
Begenerdim dogulanda her setir,
soň düşündim näme öz gabryň gazmak...

Goýjak boldum bu dereksiz pişäni,
pul döken kitaplam gapgardym halta.
Ertir bilen gowja ylgaýyn diýdim,
ýazyp-pozup halys bolupdym ýalta.

Birden goşgy gelse, ýetişmez ýaly,
noutbugum sumkasynda ýygnadym.
Pikir etdim galan ömrüm aýaýyn
hemem ýeke setir ýazmaýyn gaýdyp.

Ozal her jübimde bir jonnuk galam,
sygryň dili ýaly kagyz bolardy.
Barysyny zyňdym hendege toplap,
ynjaldym birsellem daşym çolardyp.

Neşekeşler neşesini goýansoň,
gaçmalymyş köne dostun görende.
Ýolda ýazýan görsem, öwrüldim yza,
ýazmaýandan aljak boldum görelde.

Bir gün itli goja goşulyp gezdim,
bir gün küşt oýnadym göçümin sanap.
Bir gün ýaşlar bilen futbol oýnadym,
bir gün meýhanada meý içdim gana.

Ýöne bir gün, gijäň ýary, dogrusy,
goşgy geldi bakman huşuma, düýşe.
Irden turup, haýran bolup oturdym,
aklym ýetmän öten agşamky işe.

Diwarda gan bilen ýazylan ýazgy
diýýärdi: “Men öňýeteni uçlaman.
Ýazmak ýa ýazmazlyk bagly däl saňa,
goşgy gelen wagty bolarsyň galam!”

Düşündim o syrtmak ma[a sallanan,
ýokarkyň elinde ýüpüň bir ujy.
Onsoň ýene ýazyp başladym haýdap,
galam bolsaň, barmy başga alajy?

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024