Her goşgymy ilki ýazan badyma
Her goşgymy ilki ýazan badyma,
garaşyp duran dek, saýtyma girip,
azyndan 10, 15 adam okaýar,
hem seredýär meniň göwnümiň gözne,
şükür, gitmeýärler ýadap ýa irip,
diýmek, men ilimden däl beýle üzňe!
Her goşgymy ilki ýazan badyma,
azyndan 10, 15 adam meň bilen
külterleýär bu menzili, bu ýoly,
aňyrsy, aýagy görünmese-de,
olar meň derdime şärik bolýarlar,
hem meň bilen bölüşýärler ykbaly.
Soň ol goşgyň okyjysy köpelýär,
20, 30-dan, 50-den geçip,
ýöne şo 10, 15 adam ilkinji
üýtgeşik hoş duýgy oýarýar mende,
bilmesem-de kimdigini, niýetin,
olar meni öňe iterýär günde.
Her goşgymy ilki ýazan badyma,
näme beýle garaşdyrdyň diýýän dek,
ilkinji 10, 15 adam seredýär,
kötel ýoldan, garaňkyda ýykylyp,
soň ýene dikelip, ugraşym daňa.
Olar ýöne tomaşaçy, belki-de,
ýa-da bir gün elin uzatjak maňa...
()