Pähim çyn bolsa...
“Gara keçe ak bolmaz.” Türkmen pähimi
Bilesi gelmeýäne aýtmak nämä gerek,
ýa gözüni açjak bolmak gülýäniň;
bar azabyň boljak bolsa biderek,
tekrarlamak nämä gerek bilýäniň?
Turasy gelmeýänä el uzatmak gerekmi,
durasy gelmeýänä söýe bolmak ne derkar?
Ýöräsi gelmeýäne aýak bolmak gerekmi,
eşidermi sesiň bolan bolýan ker?
Dil bolmak gerekmi dilli lallara,
aýdasy gelmedik dogrusyn ömür?
Göz bolmak gerekmi gözli körlere,
ýa ýuwanyň bilen agarmy kömür?..
()