Güneşli günüň oýlanmasy
Gün dogýar hem ýaşýar, ýagyşlar ýagýar,
gar syraýar, soňra maýlaýar howa.
Baglar pyntyklaýar, güller açylýar,
gül açylsa, neneň ýormarsyň gowa?
Guş sesine oýanýarsyň säherler,
güneşli gün guşlar saýraýar şirin.
Goňşy gyzyň ýüzi açyk, güjeňläp,
salam berýär hünji deýin dişlerin.
Senem ýylgyrýarsyň salamdan ozal,
ýasama däl, içden gelýär ýylylyk.
Ýöne bir agyry ýatladaýar özün,
içiňde bir ýerde tirsegne galyp...
Gaçýarsyň, ýykylýaň, urýarlar ýetip,
ýene sypyp gaçýaň, bukulýaň daşda.
Adyňy tutmaga gorkýar dostlaryň,
ýakynlaryň üçin öwrülýäň başga.
“Şükür, - diýýäň, - türmede däl, bir agyz
gara suwy sorap içeňok her gün.
Hem ýazýarsyň pikir edýän zadyňy,
hut ýazýanyň üçin bolsaňam sürgün.”
Ýöne salgym ýaly ýöräp baryşyň,
bir gowy zat – üýrüp galýar goňşy it.
Ilkiler üýrülrse, gyzardyň biraz,
indi içiňdenem diýmeýärsiň “ýit!”
“Ýok,- diýesiň gelýär, - huş däl bu asla,
gara gije ýatyp, gören bir düýşüň.
Gözüňi açarsyň, gutarar bary,
gözden uçan dostlar gelerler üýşüp,
hem diýerle “oýun etdik, degişdik,
synap gördük seni, nädýäkä diýip...”
Begenýärsiň sowuk ilde gün çyksa,
hemem hiç doýaňok özüňi iýip...
()