Goldaw
Olar seni goldamaýar, gelmeýär,
ýa bilmeýär seniň diýýän zadyňy,
Ozal dost bolanlar elin salgaýar,
ýa-da gorkup tutmaýarlar adyňy...
Olar seni goldamaýr, görmeýär,
şondan duşsa gaçaladýar gözlerin.
Olar eşitmeýär ýa düşünmeýär
manysyna käkeleýän sözleriň.
Olar seni goldmaýar, gelmeýär,
ýöne muň düşünjä dahyly ýok hiç.
Olar gowy bilýär ýagdaýy senden,
mugtuna zat bolsa, galjagy ýok giç.
Olar seni goldamýar, gelmeýär,
götermeýär goldan ýykylsaň birden.
Sebäp adam ogly gorkýar özünden,
daşda durjak bolýar dawadan, şerden.
Eger goldasalar, çykmaly depä,
ýa inmeli ýapaşakdan aşaga.
Adam bir zatlary etmejek bolsa,
bolan bolýar mydam uly däl, çaga...
Olar seni goldamýar, gelmeýär,
(isleseň dowam et bolmagyň gülki?)
Olar seniň diýýän ýeriň bilmeýär,
ýetip bolsa, walla, gowudyr, belki.
Ýöne nädip görüp bolar barmagan,
ýa neneň tanarsyň görmegen jaýyň?
Olar seni goldamaýar, gelmeýär,
çagyrýan dek göýä üstüne Aýyň...
Ýöne käte şükür edýäň oturyp,
goldaýandan bolup, arkaňa geçip,
ahmalyňa garap, ursalar ýeser,
galarsyň nebitsiz çyra deý öçüp...
()