Bes et

Bes et, içiň dökme hemmä,
(içiň dökme, içiň dökme!)
ýananlaryň aýdyp ýörme.
Bes et, derdiň aýtma hemmä,
(derdiň aýtma, derdiň aýtma!)
her gün yza gaýdyp ýörme.

Açylan gül solar bir gün,
(solar güller, solar güller!)
guwanma gözel görküne.
Bakma guşlara asmanda,
(gaýsalar-da gamsyz gökde!)
gözüň gitmesin erkine.

Sebäp bir gün ganatlaryň
(goý, nije bolsun gujurly!)
götermezlik kadasy bar.
Ýöne guşlar aýtmaz ony,
(kabul eder berilenin!)
her dagyň öz ýodasy bar.

Bes et, içiň dökme kimsä,
(içiň dökme, içiň dökme!)
başarşyň deý ýaşa halal.
Suwlar akar, gider, geler,
(gider-geler, gider-geler!)
gelmegem ýol, gitmegem ýol!

Bes et, ýüregiňi açma,
(serilme gapysyz öý dek!)
diýme hemmäň ýüregi bar.
Golaý gelme, daşa gaçma,
(her şemala bolma baýdak!)
begenmesin kine hem ar...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019