Baý türkmen bilen edilen gürrüňden

- Günäň näme ýurda eltilmez ýaly?
- Öz pikrimi aýtjak boldum watanda.
- Her kim öz pikrini aýtsa, diýse,
ne boljagyn bilýäňmi sen jahanda?

- Hawa, ýöne men pikrimiň
ýüzden birin, müňden birin diýjekdim...
- Her kim öz pikriniň ýüzden birini,
müňden birin diýse, aýtsa, sözlese,
ne boljagyn bilýäňmi sen jahanda?
- Bilmesemem çak edýärin, oýlaýan,
ýöne men iň bärki aýdylmalyny,
diýmelini diýjek bolupdym şonda...
- Näme diýjek bolduň, aýt bir mysal?
- Mysalmy? Aýdaly, ýurdy tirýege,
heroine oturtmalyň diýjekdim.
- Bu ne gürrüň, ýok ahyry beýle zat?
- Onda näme neşe açyk satyldy?
- Indi döwlet ýol berenok bu işe!
- Öň nämüçin meniň agzym tutuldy?
- Geçeni geçdi bil, hiçden giç ýagşy!
- Bolýar. Ýöne diňle yzyny gepiň,
men diýdim tankydy öldürmäň depip...
- Muňa seniň kärdeşleriň günäkär,
şolar goldaw berdi senzura üýşüp.
Hemem prezidentden haýyş etdiler,
döwüp berseň diýip tankytçyň dişin.
- Bilýän, olar öz gaýgysyn etdiler,
görmediler aňyrsyny burundan.
- Ýöne olar rüstemdiler, köpdiler,
şonuň üçin galdyňyz siz orundan...
- Orun, wezipe däl meniň aladam.
Dilsiz, sözsüz nädip geçiner adam?
- Beýle pikir etseň, diýerler tentek,
hemem aňsat ýurda eltmezler entek...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024