Içdäki oglan

Sen içdäki ak oglany gujakla,
itme-de döşünden aňyryk, yza!
Sen içdäki ak oglany dik sakla,
depesine berip, çökermän dyza!

Durmuş ulalaňsoň öňki däl, başga,
ýanýaň her gün ýele-güne, şemala.
Baş galdyran bolmaz bikemal ogla,
aýagyň köwerler gelseň kemala.

Sen içdäki ak oglany goragla,
ýaralatma, ganyn duruz ok degse.
Gitse bir ýerlere ide, soragla,
başyn galdyr ýerden sallasa, egse.

Sen oň bilen oýna yza çekilip,
oglanlygyň jyzmasy ýok oýnuny.
Ol senden çekiler, daşlaşar, gider
söýseň dünýäň geçi bilen goýnuny.

Adam nämelere kaýyl bolmaýar,
ýykylmajak, durjak bolup aýakda.
Sen içdäki ak oglany öldürme,
el yzyňy goýma ganly taýakda...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024