Ýurt hasraty

Ýüregiň yzyňda, dogan ýeriňde,
beýniň bekän ýerde galar ekeni.
Çyn ekeni diýileni “ýat iliň
gülünden ýeg öz ilimiň tikeni.”

Ýöne ogurlygyň üstünden gelip,
ogurlyk eden däl, özüň uýalsaň;
ýoluňa tiken däl, gyzgan düşelse,
şükür edýäň gaçyp, aman gutulsaň.

Herhal ýürek yzda, gowulyk bolar,
gaflat ukusyndan oýanar millet,
adam bolan ogul-gyzyn oýlanar,
açar ahyr gözün tükenmez minnet,
diýen ymyt bilen ýaşaýaň hemem
hyýalda yzyňa dolanýaň her gün.
Ýüregiň yzyňda, dogan ýeriňde
galar eken näçe bolsaňam gurgun...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019