Her ýyla bir dollar
“Faşist çozdy ähtiýalanlyk edip...”
Aýdyldy, ynanman bilmedi olar.
Sebäp sorag bermek, şübhe bildirmek,
iki göwün bolmak halanmaýardy.
Gitmelidi urşa meýletin-mejbur,
watan goragyndan çekilmek ardy,
namysdy neberäň ýüzün soldurjak.
Onsoň, iki-ýeke gaçan bolsa-da,
köplük ýola düşdi, yzynda ojak,
öňde nämälimlik açýardy gujak...
Çagba ýaly ýagýan okuň astynda,
diňe öňe gidip “Stalin üçin”,
yzda enelerin, söwer ýarlaryn,
çagalaryn goýup açlyga, jebre,
olar köýdürmejek boldy arlaryn!
Köpler galdy guma, palçyga siňip,
maýyp-müjrüp bolup dolandy köpler.
Azam bolsa abat gelen-de boldy,
döşün orden-medal bilen basyryp,
emma ýeňiş jogap alyp gelmedi
çigişdirlen sowallarna asyryň...
Ondan bäri, gör, näçe ýyl geçipdir,
durmuş dowam edýär, güzeran agyr.
65 ýyllygy bellenýär ýeňşiň,
ýyl-ýyldan azalyp ýüregi ýagyr,
biliniň kuwwaty gaçan gojalar,
ýa urşuň yzynda dul galyp ýanan,
çagaly, çagasyz pylan ejeler,
başarsaň, eliňde göterseň, ynan,
düşegin per edip, gül düşäp ýola,
ýöne 70 ýyl soň 70 dollarlyk
sowgat berip, onam almasaň dile...
()