Tankytçy zerurlygy

Tankytçyň bolmasa, okyjyň bolmaz.
Her neneňem bolsa, tankytçyň bolsun.
Ha düşünip ýazsyn, hala düşünmän,
ýöne wagtal-wagtal gopgun turuzsyn.

Okyjy diýeniň alyjy ýaly,
reklama agzyn açyp seredýän.
Hemem ertir ýerde goýman öwülen
arzan maly ylgap almaga gidýän.

Goşgyňky başgarak, elbet, şampundan,
ýa-da başga köpürjükli zatlardan.
Oňa düşünýänem az bolýar örän,
garga ýaly edip ýazmasaň garda
moýmul-moýmul edip gezýän iki ýan,
gowy görýär köpler çeýnäp bereniň,
ýa berseň pikiriň daşyny ardyp.

Ondan ötri, porruk bolsun, pak bolsun,
emma özbaşyňa tankytçyň bolsun.
Gum sowursyn, kesek zyňsyn, daşlasyn,
garaz seň üstüňde şowhun turuzsyn.

Şonda okamajak, bilmejek, hatda
adyň eşitmejek garagün bende
goşgularňy alyp, siňe sereder
bir zat görjek bolup setirleriňde.

Tankytçyň bolmasa, okyjyň bolmaz,
ýokdan gowy, çyda taýaklap ursun.
Ol seniň aýdymyň jarçysy bolar,
ýagşy-ýaman adyň tutulyp dursun.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024