Köpbilmişiň kysmaty

Çyn sözüň yzynda durmasaň eger,
gorksaň ýa-da köpbilmişlik eýleseň,
çyn sözliň yzynda durmasaň hemem
çyn ugruna ýekeje söz diýmeseň,
tersine ylgasaň ýalan ugruna,
ýa ýapyrlyp, aralykda otursaň,
eliň gelse, söwdaň oňsa, baýasaň,
ýa-da basgançakdan çyksaň ýokaryk,
goşa-goşa jaý edinseň, aýaldan
alanyň ýanyňa, sürseň döwrany,
ýyganyň, ýygnanyň bolmasa sany,
hyýal edip bir gün asmandan aýy
aşak bir ýerlerik düşürsem diýseň,
emmaki ýykylsaň aýagyň taýyp,
eliňden alsalar bar hany-manyň,
aýallaryň başga demlese çaýy,
sen olardan gaty görme hiç zady,
şeýleräkdir köpbilmişiň kysmaty.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019