Sen yzyňa ahmyr bilen seretme

Sen yzyňa ahmyr bilen seretme,
bolan işe peýdasy ýok ahmyryň.
Sen yzyňa gahar bilen seretme,
bolan işe peýdasy ýok gaharyň.

Sen yzyňa bakyp, gyýylma hergiz
görüp bilmäniňe aly, hiläni.
Sen yzyňa bakyp, aglama hergiz,
giden getirilmez gozýaş biläni.

Sen özüňi har edeni har etjek,
hor edeni hor etmekçi bolma hiç.
Haka tabşyr elýeterden uzagy,
hem gyssanma, haklaşar ol iru-giç.

Sen yzyňa ejir bilen seretme,
gaňyrylma urulanyň ar bilip.
Sebäbi sen gitdiň, ýykdyň serheti,
galan galdy gara güni ýar bilip...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024