Ykbalyňy berme kimsäň eline

Ykbalyňy berme kimsäň eline,
goý, ol ataň, eneň bolsun, düşündir
ömür diňe birje gezek berilýär,
bir atyndan düşseň, diýmersiň mündir.

Ykbalyňy berme kimsäň eline,
goý, ol äriň bolsun ýa-da aýalyň.
Ogurlatma ömür atly göwheriň,
satma arzan arzuw bilen hyýalyň.

Ýol boýunda biten söwüt mysaly,
her geçen baldagyň ýolmasyn çekip.
Ykbalyňy atma kimsäň öňüne,
her kim öz hasylyn orýandyr ekip.

Ykbalyňy berme kimsäň eline,
başlyk bolsun ýa başlygyň başlygy.
Öz-özüň ömrüňe eýe bolmasaň,
öz-özüň özüňe edýäň kaşlygy.

Ykbalyňy berme kimsäň eline,
zyňylmajak bolsaň eliň tersine.
Ömür diňe ýeke gezek berilýär,
soň eşdilmez näçe diýseň “bersene?!”

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019