Azat adam

Sen bir azat adam, erkin ýaşaýan,
ýöne eneň derdinden azat bolup bilmersiň,
ýa gitmersiň ataň derdinden gaçyp,
doganyň derdinden, doganoglanyň,
dolananu-çykan, daýymy-daýza,
ýegen, ýegençiniň, goňşy-golamyň,
obadaşlaň, babadaşlaň, ildeşleň
derdinden aýrylyp bilmersiň näçe
daşa çekil, gala gurdur daşyňa,
ýa-da kine sakla ýürekde uly:
“hiç biri arkamda durmady” diýip,
ýa diý “hemme kişi bähbidiň guly,
adam diňe nepi bilen ýaşaýar,
menem biri kowlap ýörenleň puly.”

Diý, diliňden aslyşjak ýok, tutjak ýok:
“etjek boldum, elim tutdular emma,
ýetjek boldum, çukra atdylar emma!”
Ýöne herne aklasaň-da özüňi,
başgany garalap gygyrsaň-da kän,
hem köşeşseň biraz içiň boşadyp,
barybir eneň derdinden
azat bolup bilmersiň,
gutulyp bilmersiň iliň derdinden,
porruk ýalan bilen özüňi aldap,
özüňi doýuryp ölen bolmasaň,
ýa-da "bular bendesiniň işi däl,
bizi ýokdan bar eden,
hemem bardan ýok etmeli islese,
ýaradanyň işi" diýip,
hudaýlykly bolup gülen bolmasaň,
hem hudaýyň birwagt bolman bolsa zat,
adamzat derdinden bolmarsyň azat!

Baýlyk pikri, beglik pikri, uludan
öwrüm eden bolup kelte oýnamak,
ýapaşak gaýdyşyk dursun, togtasyn
diýseň, sägin, pes boluşma pes bilen,
eliňi sowatma işden hiç haçan,
ýüregiň sowatma ilden, milletden,
diýmek, göwnüň ýag almasyn ýat ilde,
azat adam men diýip,
sen azat bolmarsyň eneň derdinden,
sen azat bolmarsyň ataň derdinden
ýaýnasaň ýüpek geýip,
sen nirede bolsaň bolup bilersiň,
sen nirede galsaň galyp bilersiň,
ýöne ilim diýip tursaň her säher,
her agşam il diýip gözüňi ýumsaň,
ilim diýip töwir galdyrsaň iýip,
bokurdakdan zordan geçen lukmany,
belki, gozgamarsyň dagy ýerinden,
ýöne bir ýürege ýeter ýürekden,
jigeriňden syzan yhlasyň, ahyň,
tanalarsyň iliň dogmasy diýip...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024