Potensial howp
“Meni potensial güýç hasaplaýarlar, şoňa-da şükür!” Dissidendiň hatyndan.
Daş, kesek zyňsalar yzyňdan käte,
ýa hapa bulajak bolsalar dynman,
bu seniň pesligiň, elegriligiň,
ýa ýalanyň üçin eýleme güman...
Bilýäň, obadaşlaň dymýarlar görüp,
kimse adam satýar, kimse heroin.
Ogruja arçynyň gapysy toýly,
saňa çyn söz üçin etdirýärler müýn.
Eger ýoldan geçirmejek bolsalar,
toýda, ýasda ýeke goýsalar ýanyň,
pete-pet tanyşlaň geçse salamsyz,
öz-özüňi iýip, ýandyrma janyň.
Sebäp adam käte ownarmyş gaty,
“dogry”, “dürs” diýip bakmazmyş kimsä.
Ol öz güni üçin aglarmyş diňe,
hem gezermiş öz nepine gülümsäp.
Ozal sana girmek, sürä goşulmak,
soňra süri içre saýlanmak gözel.
Seni bir zat saýýan bolsalar eger,
seresap bol şükür etmezden ozal!
()